Biz hakda

“Harman Consulting” maslahat beriş merkezi, dürli hyzmatlary hödürlemäge taýyn, guramaçylyk ösüşi, kärhanalarda adam resurslaryny dolandyrmagy we zähmet goragyny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalary, bahasyna ýetip bolmajak tejribe we degişli bilimlere eýe bolan hünärmenler toparydyr. Biz şahsy adamlara we ýuridiki şahslara, dürli iş ugurlarynda kiçi we uly kärhanalara hyzmatlary edýäris.

Näme üçin Siz bize ýüz tutmaly?

“Harman Consulting” maslahat beriş merkezi her bir müşderini kepillendirýär: aýratyn çemeleşme, berilýän hyzmatlaryň ýokary hili, maglumatlaryň doly gizlinligi, özüne çekiji bahalar, işiň wagtynda ýerine ýetirilmegi. Iş bir gezeklik ýa-da dowamly esasda edilip bilner.

Biziň hünärmenlerimiz, işiň esasy nokatlaryndan iň ownuk jikme-jikliklere çenli işleýän islendik müşderiniň meselesine hemmetaraplaýyn çemeleşýärler. Biz mümkin bolan töwekgelçilikleri kesgitlemäge kömek edýäris we olary ýok etmegiň ýollary barada maslahat berýäris. Biz bilen, Siziň işiňiz goralar we täze derejä geçmek üçin taýýarlanar.